Oýun sanawy

Türkmenistanda strategik ähmiýetli Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy doly tamamlandy

10 Aprel. 09:25

Çeşme

Türkmenistanyň döwlet we ykdysady durmuşynda taryhy waka bolup geçdi: Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji üçünji tapgyry ulanmaga berildi. Mary we Türkmenabat şäherlerini birleşdirýän täze bölegiň açylmagy bilen, ýurduň paýtagtyny gündogar welaýat bilen baglanyşdyrýan 600 kilometrlik ägirt uly taslama doly tamamlandy. Bu döwrebap ýol ýurduň ulag ulgamynyň täze derejä çykandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Täze açylan awtomobil ýoly halkara standartlaryna doly laýyk gelýän tehniki häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Ýoluň gatnaw böleginiň ini 34,5 metre deň bolup, ol her ugra tarap üç sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ýoluň gurluşygynda ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribeleri, şeýle hem Türkmenistanyň howa şertlerine durnukly bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Bu bolsa gatnawlaryň diňe bir tizlikli däl, eýsem has howpsuz bolmagyny hem üpjün edýär.

Ýoluň ugrunda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ähli amatlyklar döredildi. Awtobanyň ugrunda döwrebap tehniki hyzmat ediş nokatlary, ulaglara ýangyç guýuş bekletleri we dynç alyş merkezleri ýerleşýär. Şeýle hem daşky gurşawy goramak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýoluň iki gyrasynda ýörite gorag torlary gurnaldy. Ýabany we öý haýwanlarynyň howpsuz geçmegi üçin bolsa ýöriteleşdirilen ýerasty geçelgeler göz öňünde tutuldy.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň sebitdäki üstaşyr logistika merkezine öwrülmegine uly itergi berer. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruny gaýtadan dikeldýän bu awtoban, goşny döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga hyzmat eder. Şeýlelikde, döwrebap awtomobil ýoly diňe bir içerki däl, eýsem halkara ykdysady koridorlaryň hem möhüm bölegine öwrüler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌