Oýun sanawy


Kenarýakasyndaky Golliwud rowaýaty: türkmen žurnalistleri Çanakgaladaky Troýa atyna bardylar
13 Okt. 16:07Türkmenistanyň media-wekiliýetiniň Çanakgala şäherindäki agşamky maksatnamasy kenarýaka seýilgähi boýunça gezelenç bilen dowam etdi.

Bu ýerde sebitiň iň meşhur simwollarynyň biri — ägirt ulyTroýa atynyň maketi ýerleşýär. Edil şu at maketi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky meşhur «Troýa» Golliwud filminiň düşürilişinde ulanylypdyr, soňra Çanakgala şäherine sowgat berilipdir.

Türkmenistanly žurnalistler kino sungatynyň bu eksponatynyň nädip şäheriň esasy syýahatçylyk kartasyna öwrülendigini synladylar.

Dardanell bogazynyň kenarynda ýerleşýän bu port şäheriniň agşamky medeni durmuşy, seýilgähleriň abatlanyşy we syýahatçylar üçin döredilen amatly şertler wekiliýet agzalarynda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.