Oýun sanawy

Gomeriň dessanlary hakykatda: türkmen žurnalistleri Troýa muzeýinde we gadymy şäherde

13 Okt. 13:18

Halkara metbugat saparynyň dördünji gününiň esasy çäresi dünýä belli Troýa arheologik toplumyna we onuň golaýynda ýerleşýän zamanabap Troýa muzeýine bolan gezelenç boldy.

YUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu mukaddes mekanda 4000 ýyldan gowrak taryhy özünde jemleýän medeni gatlaklar saklanyp galypdyr.

Troýa muzeýi özüniň binagärligi we ýokary tehnologiýaly ekspozisiýasy bilen türkmen žurnalistlerini haýran galdyrdy.

Bu ýerde antik heykeller, altyn şaý-sepler we ýaraglar 3D-rekonstruksiýalar hem-de interaktiw ekranlar arkaly sergilenýär.

Muzeýden soň wekiliýet agzalary Gomeriň «Iliada» dessanynda beýan edilýän gadymy şäheriň diwarlaryny we taryhy galyndylaryny öz gözleri bilen synladylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌