Oýun sanawy

Antik Assosdan Dardanell kenarlaryna çenli: türkmen žurnalistleriniň Türkiýedäki metbugat sapary dowam edýär

12 Okt. 18:06

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan halkara metbugat sapary dowam edýär.

Bu giň gerimli media-taslama Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we wagyz etmek agentligi (TGA) tarapyndan guralyp, oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy döwlet we hususy neşirleriniň žurnalistleri gatnaşýar.

Gözel Balykesir sebitinde başlanan saparyň ilkinji günlerinde türkmen wekiliýeti Manastyr Çaýy çeşmesine, meşhur Zeýtun ýagynyň muzeýine bardy we Güre kenarýakasynda gezelenç etdi.

Žurnalistler bu ýerde Egeý kenarýakasynyň esasy medeni we millî gymmatlyklarynyň biri bolan zeýtun önümçiliginiň asyrlyk taryhy bilen ýakyndan tanyşdylar.

Saparyň dowamynda Kazdaglary (İda dagy) milli parkyna guralan jip-safari gezelenji gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Wekiliýet agzalary Şahindere kanyonynyň ajayyplygyny, buz ýaly tebigy çeşmeleri synladylar hem-de sebitiň Manzarasy açylýan rowaýaty Zews ybadathanasyna (Altar of Zeus) bardylar.

Media-saparyň üçünji günü Çanakgala welaýatyna geçmek we antik taryh bilen tanyşmak bilen dowam etdi. Žurnalistler Egeý deňzine ajaýyp manzarasy açylýan beýik gaýada ýerleşýän Assos antik şäherine we Afina ybadathanasyna baryp gördiler. Agşamara bolsa wekiliýet Çanakgala şäheriniň merkezine gelip, kenarýaka boýunça gezelenç etdi we meşhur Troýa atyny synlady.

Metbugat saparynyň öňümizdäki günlerinde žurnalistleri rowaýaty Troýa şäherçesi we onuň zamanabap muzeý toplumy, Tewfikiýe arheo-obasy, şeýle hem Çanakgala şehitleriniň hatyra toplumy we Gallipoli taryhy meýdançasy bilen tanyşlyk garaşýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌