Oýun sanawy

Türki­menistanyň milli ýygyndysy FIFA sanawynda ýokary galdy

22 Noý. 08:56

Çeşme

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň hem-de 2027-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama oýunlarynyň noýabr tapgyrynyň netijelerine laýyklykda milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini meýdan atdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy bäş basgançak öňe geçip, 1087,52 utuk bilen dünýäde 137-nji orny eýeleýär. Bu ösüşe 2027-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklarynyň bäşinji tapgyrynda Hytaý Taýbeýiniň ýeňilmagynyň kömegi degdi.

18-nji noýabrda Arkadag şäherinde geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylary garşydaşyny 3:1 hasaby bilen ýeňdi. Raul Myratberdiýew 13-nji minutda, Elman Tag­aýew 53-nji minutda, Meýlis Deniew bolsa 79-njy minutda tapawutlandy. Myhmanlaryň goluny Anj Samýuel Kuame geçirdi.

Aziýa kubogynyň 2027 boýunça saýlama oýunlarynyň D toparynda Türkmenistan bilen Taýlandyň topary öňdäki orny paýlaşyp dur. Ýeke-täk ýollamanlaryň kimde galjagy 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek duşuşykda mälim bolar.

FIFA-nyň dünýä reýtinginiň ilkinji üçlüginde öňki ýaly Ispaniýa, Argentina we Fransiýa durýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌