Oýun sanawy

Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okajak dalaşgärleriň resminamalary kabul edilip başlandy

16 Iýun. 10:20

Çeşme

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň uniwersitetlerinde ýokary bilim (bakalawr) almak isleýän raýatlar üçin seçip alyş tapgyryny yglan etdi. Döwlet maksatnamasyna laýyklykda guralýan bu taslama iňlis dilini bilýän, orta bilimli, 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenýän şahsy resminamalaryň ählisiniň iňlis dilindäki terjimesi bolmalydyr.

Isleg bildirýän dalaşgärleriň şahsy iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär. Hasaba alyş wagtynda raýat we daşary ýurt pasportlary, şeýle-de harby şahadatnama ýa-da harby meýmilli tassyknama ýaly resminamalaryň asyl nusgalary hem-de göçürmeleri tabşyrylmalydyr. Okuw ugurlary we beýleki şertler baradaky maglumatlar ministrligiň internet saýtynda ýerleşdirildi.

Ilkinji tapgyrdan üstünlikli geçen we ýokary netije görkezen dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda umumybilim berýän ugurlar boýunça saýlama söhbetdeşlik guralar. Çäre Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda (Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 169) geçiriler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-85-62, 39-85-25; elektron poçta: admissionihd@gmail.com.

















Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar

10 Sen. 11:39

Çeşme

5-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.

Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.