Oýun sanawy


Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy
19 Awgust. 13:05Halkara ylmy gözlegçileriň topary Özbegistanyň çäginde gadymy adamlaryň ýaý bilen oky, takmynan, 80 müň ýyl ozal ulanandygyny anyklady. Bu şeýle ýaragyň Afrikanyň çäginden daşary ulanylandygyna iň irki subutnamalaryň biridir diýip, RYA-nyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.
“Eger Afrikada häzirki görnüşli adam eýýäm orta daş asyrynda (70-80 müň ýyl ozal) uzak aralykdan aw etmegi başaran bolsa, Ýewraziýada ol giçki daş asyrynda, ösen tehnologiýalaryň döwründe ýüze çykypdyr diýlip hasaplanýardy. Bu garaýyşlary üýtgedýän tapyndylar Özbegistanda daş asyryna degişli Obi-Rahmat diýen ýerde ýüze çykaryldy we 80 müň ýyl ozal bilen senelenýär” – diýlip, institutyň habarynda aýdylýar.
Obi-Rahmat gowagy köp gatlakly aw ýeridir. Bu toprak gatlaklary umumylykda 10 m galyňlyga ýetýär we 40 – 80 müň ýyl ozalky döwri öz içine alýar. Aşaky gatlaklarda 3 sm çenli ululykda üçburç şekilli daş döwükleri tapyldy. Olaryň näme maksat bilen ulanylandygyny bilmek üçin trasologiýa usuly ulanyldy.
Artefaktlarda zyňylýan ýaraglar üçin häsiýetli bolan könelme yzlary tapyldy. Netijede, bu daşlaryň peýkamlaryň ujy bolandygy anyklandy.
Institut şeýle tapyndylaryň Afrikanyň çäginden daşarda ýaý bilen aw awlamagyň ýüze çykan wagtyny ep-esli üýtgedýändigini belledi.
“Bu açyşda esasy gymmatlyk gowakda hem neandertallaryň, hem häzirki adamlaryň gadymy wekilleriniň aýratynlyklaryny özünde jemleýän adamlaryň süňkleriniň tapylmagy boldy. Bu tapyndy gadymy döwürde çylşyrymly aw tehnologiýasynyň nädip we kim tarapyndan özleşdirilendigine düşünmäge mümkinçilik berýär” – diýip, institutda bellenildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.