Oýun sanawy


Türkmenistan Serbiýada geçiriljek «EXPO-2027» sergisinde milli pawilýonyň gurluşygyna girişer
17 Awgust. 11:52Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak boýunça Degişli Karara gol çekdi. Resminama hakynda Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) habar berýär. Bu resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Türkmenistanyň milli pawilýonyny taslamalaşdyrmaga, gurmaga we degişli gurnalysh işlerini geçirmäge ygtyýar berildi.
Milli pawilýonyň döredilmeginiň esasy maksady Türkmenistanyň gazanan durmuş-ykdysady üstünliklerini halkara giňişliginde giňden wagyz etmekden hamda daşary ýurtlar bilen köp taraply Hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Resminama şeýle hem ministrlige serginiň çäklerinde amala aşyrylmaly beýleki degişli çäreleri guramaga rugsat berýär.
«EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi Belgrad şäherinde 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgusty aralygynda geçiriler. «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen mowzuk astynda guralýan bu halkara çäre Günbatar Balkan sebitinde ilkinji gezek amala aşyrylýar. Sergi toplumy 25 gektar meýdany eýeläp, guramaçylar 130-dan gowrak gatnaşyjy ýurdy we 4 milliondan gowrak myhmany kabul etmäge taýýarlyk görýärler.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.