Oýun sanawy


Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
27 Maý. 03:35Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda açyldy. Durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Şatlykly pursatlar medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Şeýle hem gurluşykda tapawutlanan işgärlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly 60 öýli we 5 gatly 80 öýli döwrebap binalar açylyp, bagtyýar maşgalalara täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary, eýwanlary we aşhanalary kämil durmuş tehnikalary hem-de ýokary hilli mebeller bilen doly üpjün edildi. Jaýlaryň daş-töwereginde çagalaryň oýun meýdançalary we dabaralary geçirmek üçin ýörite desgalar guraldy.
Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda bolsa 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy ilatyň ulanmagyna berildi. Bu jaýlar ýerli howa şertlerine we ekologik kadalara laýyk gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri gurlup, olaryň töwereginde bagy-bossanlyk emele getirildi. Döwrebap ýol-ulag we inženerçilik düzüminden başga-da, ilaty gündelik harytlar bilen üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde täze iki sany söwda we hyzmatlar öýi işe girizildi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.