Oýun sanawy


Türkmenistanda 9-njy synp okuwçylary üçin koreý dili boýunça okuw kitaby neşir edildi
13 Sen. 11:33Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-njy synp okuwçylary üçin koreý dili boýunça täze okuw kitaby çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Okuw kitabyň awtorlary — D. Soýunnazarowa we M. Mämmedowa. Kitapda täze sözleriň özleşdirilmegi, tekstler we olara degişli tabşyryklar, grammatikadan maşklar hem-de öý işleri bilen baglanyşykly bölümler bar.
Kitap öwredilýän temalara laýyk reňkli suratlar bilen bezelendir. Şeýle hem kitapda ýörite sözlük ýerleşdirilen we tekstleriň köpüsine ses ýazgylary goşulypdyr.
Kitabyň ahyrynda Koreýa barada gyzykly maglumatlar, şeýle hem dostluk, kitap we ylym barada nakyllar ýerleşdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.