Oýun sanawy

Türkmen çempionatynda wideoassistentiň ornaşdyrylmagyna taýýarlyk görülýär

03 Sen. 11:17

Çeşme

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy içki oýunlarda eminlere kömek berýän VAR tehnologiýasyny ulanmaga taýýarlanýar. Şu maksat bilen paýtagtda ýerli futbol eminleri üçin ýörite amaly we nazary türgenleşikler guraldy. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) tejribeli hünärmenleri Jahangir Saidow bilen Şirali Janalyýew bäş günüň dowamynda eminlere enjamlary dolandyrmak we çylşyrymly pursatlarda wideo gaýtalamalardan dogry peýdalanmak usullaryny öwredýärler.

Täze ulgamyň girizilmegi Ýokary liganyň we ýurduň Kubok ýaryşlarynyň dowamynda göwünjeňligi aradan aýyrmaga ile eminligiň takyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu taslama milli futbol alanyny dünýä standartlaryna laýyklaşdyrmakda möhüm ädim bolup durýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌