Oýun sanawy


«Bawariýa» «Borussiýadan» üstün çykyp, 12-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi
23 Awgust. 07:23Mýunheniň «Bawariýa» futbol topary Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Dortmundyň «Borussiýa» toparyny 2:1 hasabynda utup, öz taryhynda 12-nji gezek bu titula eýe boldy. «Signal Iduna Park» stadionynda geçirilen oýunda Wensan Kompaniniň şägirtlerinden Nataniel Braun we Maýkl Olise tapawutlandylar.
Dortmundlylaryň düzüminde ýeke-täk goly 75-nji minutda Fabiu Silwa geçirdi, oýnuň 90-njy minutgynda bolsa Rami Bensebaini gyzyl kart alyp, meýdandan çykaryldy. «Bawariýa» bu bäsleşikde gazanan titullarynyň sany boýunça rekordyny durnuklaşdyrdy.
Bundesliganyň täze möwsüminde «Bawariýa» 28-nji awgustda «Ştutgart» bilen, «Borussiýa» bolsa 29-njy awgustda «Gamburg» bilen duşuşar.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.