Oýun sanawy

Türkmenistan sebit durnuklylygy we «ýaşyl» energetika baradaky halkara maslahatyna gatnaşýar

06 Maý. 05:26

Çeşme

Ermenistanyň paýtagtynda öz işine başlan «Yerevan Dialogue 2026» atly halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň energetika diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny tanyşdyrdy. Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň gatnaşmagynda geçýän bu çäre, sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma boldy. Çykyşyň dowamynda ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we daşky gurşawa ýetirilýän täsirleri azaltmak meselelerine üns çekildi. Energetika ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de zyňyndylary yzygiderli kemeltmek arkaly döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de, jemgyýetçilik abadançylygyny saklamak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine tapgyrlaýyn geçmegiň strategik ähmiýeti nygtaldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş ugrunda anyk we netijeli ädimleri ädýär. Bu ugurda diňe bir tehnologik täzelikler däl, eýsem zähmet bazarynyň talaplaryna uýgunlaşmak we hünärli kadrlar goruny kemala getirmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde görkezilýär. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň netijeleriniň ähli sebitler we jemgyýetçilik gatlaklary üçin deň derejede elýeterli bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Halkara hyzmatdaşlygy we abraýly guramalar bilen alnyp barylýan gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we iri halkara maliýe edaralary bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli maksatnamalaryň netijeliligini artdyrýar. Ýerewandaky forumda edilen çykyşlar Türkmenistanyň dünýäniň energetika howpsuzlygyna we ekologik durnuklylygyna goşýan goşandynyň nobatdaky tassyklamasy boldy.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.