Oýun sanawy

Türkmenistanda 2027-nji ýyldan World Tennis-iň halkara ýetginjekler ýaryşlary geçirilip bilner

04 Sen. 13:14

Çeşme

Nýu-Ýorkda geçirilen halkara gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew, World Tennis guramasynyň (öňki ITF) ýolbaşçysy Dewid Haggerti hem-de Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Eziz Döwletow bilen duşuşdy. Taraplar 2027-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň meýdançalarynda World Tennis guramasynyň çäklerinde geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky iri halkara turnirlerini gurnamagyň mümkinçiliklerini giňden seljerdiler.

Duşuşykda halkara sport diplomatiýasyny işjeňleşdirmek we milli federasiýalaryň arasynda tejribe çalşygyny giňeltmek maksady bilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bellenilişi ýaly, milli federasiýa 1993-nji ýyldan bäri dünýä tennis düzüminiň, 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýa birleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde işjeň faallyk alyp barýar.

Belli bolşy ýaly, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumy eýýäm «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýen resmi derejä eýe boldy. Bu döwrebap sport binýady geljekde halkara derejesindäki ýetginjekler ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge doly mümkinçilik berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌