Oýun sanawy


Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni dabaraly çäreler bilen bellenilýär
07 Aprel. 06:00Şu gün Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bir hatarda Bütindünýä saglyk gününi uly dabara bilen belleýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu sene özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzda geçirilýän çäreler diňe bir sport baýramy däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurdygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Baýramçylyk mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler badalga aldy. Sport çäreleriniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de türgenleriň sport görkezmelerine giň orun berildi. Bu çäreler ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde, jemgyýetde sagdyn ruhy ýagdaýy kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.
Bütindünýä saglyk güni 1948-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) döredilen güni mynasybetli 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýär. BM-niň bu abraýly düzümi tarapyndan yglan edilýän halkara çäreleriň her ýylky şygary saglygy goraýşyň möhüm meselelerine gönükdirilýär. 2026-njy ýylda bu sene «Bilelikde sagdynlyga!» diýen şygar astynda geçirilýär, bu bolsa halkara derejesinde saglygy goraýyş ugrunda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistan BSGG bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, dünýäniň sagdyn ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gölemli özgertmeler we gurlan döwrebap saglygy goraýyş desgalary halkara şygarynyň mazmunynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Şeýlelikde, bu baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň sport we saglygy goraýyş ulgamyndaky gazananlaryny bütin dünýä aýdyň görkezýän waka öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.