Oýun sanawy

BSGG hantawirusyň pandemiýasynyň döremek töwekgelçiligini pes hasaplaýar

18 Maý. 10:31

Çeşme

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) «MV Hondius» syýahatçylyk gämisinde ýüze çykan hantawirus ýokanjy boýunça täze hasabatyny çap etdi. Guramanyň seljermelerine görä, bu ýokanjyň dünýä derejesinde ýaýramak ýa-da täze bir pandemiýa sebäp bolmak töwekgelçiligi örän pes diýlip bahalandyrylýar. Bu barada BSGG-niň resmi sosial ulgamlarynda we halkara habarlar gulluklarynda maglumat berildi.

Hünärmenler gämidäki beýleki ýolagçylaryň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň häzirki wagtda ýeterlikdigini belleýärler. Hantawirusyň adaty şertlerde adamdan adama geçmeginiň seýrekdigi we gämi duralga barandan soňra ähli zerur sanitariýa çäreleriniň görlendigi sebäpli, ýokanjyň mundan beýläk ýaýramak ähtimallygy minimal derejä düşdi. Inkubasion döwründe bolan ýolagçylar bolsa lukmançylyk gözegçiliginde saklanylýar.

BSGG häzirki wagtda bu wirus bilen bagly ýagdaýyň doly gözegçilik astyndadygyny we halkara syýahatçylygy üçin goşmaça çäklendirmeleriň girizilmegine zerurlygyň ýokduguny mälim etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌