Oýun sanawy


12-nji awgustda Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara güni mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu baýramçylyk 2006-njy ýylda Tähran konwensiýasynyň — Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky halkara resminamanyň kabul edilmegi bilen döredildi.
Hazarýaka döwleti hökmünde Türkmenistan deňziň ekologiýasyny goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ugurda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, “Türkmengidromet” we Hazar deňzi instituty ýaly edaralaryň gatnaşmagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara topar hereket edýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinde “Hazar boýunça milli hereket meýilnamasy” durmuşa geçirilýär we degişli hukuk resminamalary kabul edilendir. Bütin ýurt boýunça senagat kärhanalary üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyryşy girizilen, ýangyç-energetika ulgamyndaky kärhanalaryň işi bolsa Ekologiýa gözegçilik gullugy we Hazar kenarynda “HazarEkokontrol” bölümi tarapyndan gözegçilik edilýär.
Baýramçylyk mynasybetli “Hazar deňzi – dostlugyň we parahatçylygyň deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Şeýle hem Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramaga we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler guralar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.