Oýun sanawy

Türkmenistan sahnada: AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň duşuşyk tertibi yglan edildi

22 Ýan. 04:38

Çeşme

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyry üçin duşuşyklaryň resmi ulgamyny mälim etdi. Ýaryş günbatar we gündogar zolaklara bölünip, bu tapgyrda Türkmenistanyň wekili bolan “Arkadag” topary aýratyn ünsi özüne çekýär.

Günbatar zolagy

  • “Arkadag” (Türkmenistan) — “Al-Nasr” (Saud Arabystany)

  • “Al-Zawraa” (Yrak) — “Al-Wasl” (BAE)

  • “Sepahan” (Eýran) — “Al-Ahli” (Katar)

  • “Esteghlal” (Eýran) — “Al-Hussein” (Iordaniýa)

Gündogar zolagy

  • “Pohang Steelers” (Koreýa Respublikasy) — “Gamba Osaka” (Ýaponiýa)

  • “Ratchaburi” (Taýland) — “Persib Bandung” (Indoneziýa)

  • “Bangkok United” (Taýland) — “Macarthur” (Awstraliýa)

  • “Cong An Hanoi” (Wýetnam) — “Tampines Rovers” (Singapur)

Ýaryşyň düzgünnamasy pleý-off tapgyryna gatnaşýan klublar üçin iri möçberli baýrak pullaryny göz öňünde tutýar. Çärýek finala çykan toparlar 160 müň ABŞ dollaryny alar, ýarym finala çykanlar bolsa 240 müň dollar gazanar. Finala çykan klub bir million dollar bilen sylaglanar, AFK-2 Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolsa 2,5 million dollar möçberinde girdeji gazanar.

Ondan öň Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň wekili gatnaşýan duşuşyk üçin biletleriň onlaýn satuwynyň başlanandygyny habar berdi. Biletleri www.ashgabat.gov.tm resmi saýty arkaly satyn almak mümkin.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌