Oýun sanawy

«Tottenhem» bir ýylyň içinde üçünji tälimçisini işden boşatdy: Topar aşaky liga düşmek howpy bilen ýüzbe-ýüz

30 Mart. 11:08

Çeşme

Londonyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby ýene-de tälimçi grizisini başyndan geçirýär. Klubyň resmi X (öňki Twitter) sahypasynda Igor Tudoryň wezipesinden gidýändigi yglan edildi. Bu karar Tudoryň toparyň başyna geçmeginden bary-ýogy alty hepde soň kabul edildi. Tudor bilen bilelikde onuň kömekçileri — derwezebanlaryň tälimçisi Tomislaw Rogiç we fiziki taýýarlyk boýunça hünärmen Rikkardo Ragnaççi hem klubuň düzüminden çykaryldy.

Igor Tudoryň ýolbaşçylygyndaky gysga döwür toparyň taryhynda iň şowsuz döwürleriň biri boldy. 14-nji fewralda wezipä bellenen hünärmen geçiren ýedi duşuşygynyň bäşisinde ýeňlişe sezewar boldy. Häzirki wagtda «Tottenhem» Angliýanyň Premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde 30 utuk bilen 17-nji orunda durýar. Topary aşaky liga düşmek howpundan bary-ýogy bir utuk aýyrýar, bu bolsa klubyň janköýerlerini uly birowuzlyga salýar.

Klubyň beýanatynda Tudora we onuň toparyna çeken zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirildi, şeýle hem tälimçiniň ýakyn adamsyny ýitirendigi sebäpli oňa gynanç beýan edildi. Žurnalist Ben Jeýkobsuň habar bermegine görä, hünärmen şertnamasynyň möhletinden öň ýatyrylmagy üçin klubdan hiç hili maddy öwez tölegini (kompensasiýa) talap etmändir. Bu bolsa «Tottenhem» üçin häzirki maliýe taýdan kyn pursatda azda-käm ýeňillik döretdi.

Bu waka London klubynda soňky bir ýylyň içinde amala aşyrylan üçünji tälimçi çalyşmasydyr. 2025-nji ýylyň iýunynda UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi Angelos Postekoglunyň işden boşadylmagyndan soň, toparyň durnuklylygy bozuldy. Onuň ornuna gelen Tomas Frank hem garaşylýan netijäni berip bilmedi. Indi bolsa topary halas etmek üçin täze dalaşgärleriň, şol sanda Roberto De Dzerbi we Garri Rednapp ýaly meşhur atlaryň arasyndan saýlaw geçiriler. Wagtlaýynça bolsa toparyň goragçysy Ben Dewisiň tälimçilik wezipesini ýerine ýetirmegine garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌