Oýun sanawy

Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

23 Iýun. 15:29

Çeşme

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça on sekizinji dialog geçirildi. Resmi duşuşyga ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň sebit boýunça ýolbaşçysy Ditmar Krissler bilelikde ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, hukuk tertibini hem-de kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek ýaly wajyp ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Türkmen wekilleri ýurtda demokratik institutlary ösdürmek, adam hukuklaryny goramak boýunça milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli ädimler barada maglumat berdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri öz gezeginde gatnaşyjylary halkara guramanyň gender deňligi babatdaky strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, deň hukuklary üpjün etmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň ähmiýetini nygtadylar. Özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanan bu ynsanperwer dialogyň netijeleri boýunça taraplar geljekde hem konstruktiw gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.