Oýun sanawy


Türkmen wekilleri halkara syýahatçylyk forumynda durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
15 Maý. 14:58Maltanyň Sent Julians şäherinde guralan «BMG — Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisinde sebitiň döwletleriniň, halkara guramalaryň hem-de degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri bir ýere jemlendi. Bu halkara çärede syýahatçylyk ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek we sebitara hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmak boýunça anyk wezipelere seredildi.
Halkara foruma gatnaşan türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem agzalan halkara guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili ýolbaşçylyk etdi. Bu gatnaşyk Türkmenistanyň global diplomatik meýdançalarda milli bähbitleri goramak we halkara taslamalarda işjeň orun eýelemek strategiýasynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Mejlisiň gün tertibinde global syýahatçylyk pudagynyň ösüş meýilleri, 2025-2026-njy ýyllar üçin meýilleşdirilen sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi ýaly möhüm ugurlar ýer aldy. Şeýle-de, delegatlar Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden 2027-nji ýyl — «Durnukly we ýaşaýşa ukyply syýahatçylygyň halkara ýylyna» deslapky taýýarlyk görmegiň meýilnamalaryny we pudagyň häzirki zaman wehimlerini düýpli seljerdiler.
Türkmenistan BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde özüniň baý taryhy-medeni mirasyny we özboluşly tebigy gözelliklerini dünýä tanyşdyrmak ugrunda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda döwrebap innowasion tehnologiýalaryň we binagärlik çözgütleriniň kömegi bilen döredilýän täze düzümler milli syýahatçylyk brendini halkara bazarynda has-da kämilleşdirmäge giň imkanlar açýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.