Oýun sanawy

Türkmenistan we Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar hem-de bilim pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

12 Maý. 15:50

Çeşme

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleriniň Ýaponiýanyň ylmy we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda okuw maksatnamalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we akademiki alyş-çalyşygy giňeltmek meselelerine esasy üns berildi. Taraplar häzirki zaman sanly ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetdeşlikde KOSEN bilim ulgamyny ornaşdyrmak we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ynsanperwer ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmleri seljerildi. Duşuşyga gatnaşan «Asia SEED» guramasynyň wekilleri meýilleşdirilýän başlangyçlaryň amaly ähmiýetini bellediler.

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýolbaşçylary bilen geçirilen maslahatda bilim maksatnamalaryna maliýe we tehniki taýdan goldaw bermek meseleleri öňe sürüldi. Gepleşikleriň netijesinde ýapon dili mugallymlarynyň alyş-çalyşygyny guramak we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda täze okuw ugurlaryny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. JICA bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin akademiki gatnaşyklaryň binýadyny emele getirer.

Gepleşikleriň netijeli bölegi hökmünde JICA tarapy türkmen talyplaryny emeli aň ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşmaga çagyrdy. «Maglumat ylymy we emeli aň bilen öz başarnygyňy aç» atly sanly ulgam arkaly geçiriljek bu gysga möhletli okuw, talyplara maglumatlary işläp taýýarlamagyň döwrebap usullaryny we emeli aň ulgamyndaky dünýä tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berer.

















Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar

10 Sen. 11:39

Çeşme

5-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.

Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.