Oýun sanawy

Türkmenistan we Gruziýa göni uçuşlaryň ýola goýulmagy barada maslahatlaşdylar

08 Maý. 13:51

Çeşme

Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisiniň barşynda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny açmak mümkinçilikleri öwrenildi. Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bu ädimiň dostlukly gatnaşyklary täze sepgide çykarmakda zerurdygyny nygtadylar. Taraplar howa menzilleriniň arasyndaky aragatnaşygyň işjeňleşdirilmeginiň ykdysady we medeni alyş-çalyş üçin täze gapylary açjakdygyny bellediler.

Gruziýanyň ykdysadyýet ministri öz çykyşynda ýurdunyň strategik ýerleşişiniň ähmiýetine aýratyn üns berdi. Onuň aýtmagyna görä, Gruziýa Türkmenistan üçin Ýewropa ýurtlaryna açylýan esasy geçelge bolup hyzmat edýär. Şeýle hem dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Gruziýanyň maýa goýum gurşawynyň amatlylygy we makroykdysady durnuklylygy türkmen maýadarlary üçin uly gyzyklanma döredip biler.

Ulag we logistika pudagyndaky döwlet maýa goýumlary, esasan hem «Orta geçelgäniň» mümkinçiliklerini giňeltmek mejlisiň esasy temalarynyň biri boldy. Göni uçuşlaryň açylmagy diňe bir ýolagçy gatnawyny ýönekeýleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň ösmegine-de göni täsir eder. Taraplar syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň howa gatnawlarynyň rentabellygyny üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Energetika hyzmatdaşlygy hem gepleşikleriň möhüm ugruna öwrüldi. Iki döwletiň hem bu pudakda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan meýilleri ara alyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jeminde göni howa gatnawyny ýola goýmagyň tehniki taraplaryny seljermek we bu ugurda amaly ädimleri ätmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu bolsa sebitara hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegine ýardam berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌