Oýun sanawy

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy

06 Iýun. 09:20

Çeşme

Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Türkmenistanda guralýan Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi. Bu giň gerimli çäre iki goňşy we doganlyk halkyň arasyndaky taryhy garyndaşlyk gatnaşyklaryny, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Medeni çäräniň açylyşyna medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, baýramçylyk konsertinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna giň orun berildi. Tomaşaçylar Azerbaýjanyň Fikret Amirow adyndaky Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň ýokary derejeli çykyşlaryny, şeýle-de döwlet tans toparynyň deprekçileriniň ýerine ýetiren milli tanslaryny uly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Konsert maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýan «Galkynyş» toparynyň ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy azerbaýjanly sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary bilen ajaýyp sazlaşygy döretdi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde diňe bir aýdym-saz däl, eýsem şekillendiriş we kino sungatyna hem degişli çäreler guraldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergi açyldy. Bu ýerde Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki döwre çenli taryhy öz içine alýan çitme we kakma usulyndaky dokma önümleri, zergärçilik we metal bezeg şaýlary, milli lybaslar görkezilýär. Şonuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan kinematografiýaçylarynyň çeper filmleriniň görkezilişi başlandy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌