Oýun sanawy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Medeniýet günlerini geçirerler

27 Awgust. 09:48

Çeşme

Türkmenistan bilen Azerbaýjan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda we 2026-njy ýylyň aprel aýynda özara Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada APA habarlar gullugy maglumat berýär.

Plana laýyklykda, şu ýylyň oktýabrynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, geljek ýylyň aprel aýynda bolsa Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Bu medeni çäreler 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde durmuşa geçirilýär. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Duşuşykda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada sebitleýin medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti nygtalyp, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌