Oýun sanawy


Arkadag şäheriniň täze muzeýinde Milli Lideriň taryhy ýoly şöhlelendiriler
03 Maý. 04:03Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda metjit toplumynyň çäginde gurluşygy dowam edýän täze muzeý binasynyň bezeg işleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz binanyň daşky görnüşindäki özboluşly şekillere we binagärlik aýratynlyklaryna ýokary baha berdi. Bu muzeýiň metjit toplumynyň umumy dizaýnyna goşýan goşandynyň ähmiýetini belläp, gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmalydygy barada görkezmeler berdi.
Muzeýiň gurluşyk işleri häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Taslamanyň maksatnamasyna laýyklykda, bu medeni ojakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň durmuş ýoluna we halk bähbitli bitiren hyzmatlaryna degişli gymmatlyklar jemlener. Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň alyp baran giň gerimli işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurduň taryhyndaky möhüm wakalar bilen baglanyşykly eksponatlar görkeziler.
Serginiň esasy gymmatlyklarynyň hatarynda Milli Liderimize dürli ýyllarda gowşurylan döwlet we halkara sylaglary, taryhy fotosuratlar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň astyndan çykan eserler ýerleşdiriler. Bu gymmatlyklar toplumy Milli Liderimiziň ýiti zehininiň, zähmet söýerliginiň we halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň nyşany hökmünde geljekki nesiller üçin uly görelde mekdebi bolar.
Muzeýiň mazmunyny baýlaşdyrmak we gymmatlyklary ýerleşdirmek baradaky tekliplere jogap berip, Milli Liderimiz bu mesele boýunça Ministrler Kabinetine ýüzlenilmeginiň dogry boljakdygyny belledi. Bu bolsa muzeý işiniň halkara ülňülere laýyklykda guralmagyny we her bir gymmatlygyň taryhy ähmiýetiniň doly açylyp görkezilmegini üpjün eder. Täze muzeý şäheriň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülip, türkmen halkynyň döwrebap taryhyny öwrenmekde möhüm orun tutar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.