Oýun sanawy


Balkanabatda eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýjy täze lukmançylyk binalar toplumy ulanyşa girizildi
12 Okt. 08:38Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Balkan welaýatynyň merkezinde döwrebap Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi. Çärä welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň edebi-sazly çykyşlary hem-de milli küştdepdi tansy bilen utgaşdy.
Täze açylan 4 we 5 gatly binalar toplumy birwagtda 305 näsagy kabul etmäge niýetlenendir. Onuň düzüminde dogrum we dogrumdan soňky bölüm, ginekologiýa, bäbekler hem-de anyklaýyş-maslahat beriş bölümleri ýerleşýär. Näsaglara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin bu ýerde kompýuter we magnit-rezonans tomografiýalary, mammografiýa we flýuorografiýa ýaly iň döwrebap enjamlar gurnaldy.
Aýratyn hem, welaýatda ilkinji gezek döredilen 10 orunlyk täze doglan bäbekleriň reanimasiýa bölümi Wengriýanyň «Medicor» kompaniýasynyň inkubatorlary we Germaniýanyň ýokary takyklykly monitorlary bilen üpjün edildi. Bu ulgamlar çagalaryň dem alşyna, beden gyzgynlygyna we kislorod üpjünçiligine yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Açylyş dabarasynda binalar toplumyny guran «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň tapawutlanan işgärlerine we täze merkeze Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de täze awtomobiller gowşuryldy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.