Oýun sanawy


«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Kazana we Milana gatnawlaryny artdyrýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Aşgabatdan Kazana we Milana ýerine ýetirýän uçuşlarynyň sanyny köpeldýär diýip, resmi web sahypasynda habar berilýär.
Täzelenen tertibe laýyklykda, Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça uçuşlar hepdede 4 gezek amala aşyrylar. Aşgabat – Milan – Aşgabat ugry boýunça bolsa hepdede 3 uçuş ýerine ýetirilýär.
Gyşky halkara uçuş tertibiniň çäklerinde şeýle hem aşakdaky gatnawlar meýilleşdirilýär:
Stambula hepdede 6 uçuş,
Jidda şäherine 3 uçuş,
Dubaý, Delhi, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London we Frankfurt şäherlerine her haýsyna 2 uçuş,
Abu-Dabi we Seul şäherlerine bolsa hepdede 1 uçuş.
Tertipnama barada giňişleýin maglumat turkmenistanairlines.tm sahypasynda elýeterlidir. Biletlere onlaýn ýa-da awiakompaniýanyň resmi kassalaryndan eýe bolup bolýar.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.
Netijeler boýunça:
üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;
ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;
birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;
Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.
Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.