Oýun sanawy


Türkemen talyplary Malaýziýada geçirilen Future is Now maksatnamasyna gatnaşdylar
15 Awgust. 05:53Awgust aýynyň 3–9 aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden mugallym we bäş talyp Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Malaýa uniwersitetinde geçirilen Future is Now atly tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habaryna görä, maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar dünýä derejesindäki innowasion tejribeler, döredijilik mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we täze başarnyklary özleşdirdiler.
Bu sapar 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda iki uniwersitetiň arasynda gol çekilen düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäginde amala aşyryldy. Bu hyzmatdaşlyk talyp we mugallym çalşygy, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.