Oýun sanawy

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bütindünýä bäsleşiginde baýrakly orny eýelediler

11 Iýun. 14:00

Çeşme

Türkmenistanyň wekilleri Huawei kompaniýasy tarapyndan gurnalan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýa (MKT) ugurlary boýunça bäsleşigiň final jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, 2 — 5-nji iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde türkmen talyplary «Practical competition network tracking» ugry boýunça 3-nji orna mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Şirmuhammet Wepaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen talyplarynyň zehinli topary gatnaşdy. Toparyň düzüminde şu talyplar üstünlikli wezipelendirildi:

Arslan Italmazow — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby;

Yslam Haýytmuhammedow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby;

Gurban Orazmämmedow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Bäsleşigiň «Practical competition network tracking» ugrunyň esasy maksady korporatiw ulgamlary taslamak, sazlamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ukyplaryny toplumlaýyn barlamakdan ybarat bolup, jemleýji tapgyry laboratoriýa şertlerinde sekiz sagatlyk amaly synagy öz içine aldy. Onda 25 ýurtdan gelen gatnaşyjylar hakyky wagt tertibinde torda routing (ugurlandyryş), optimizasiýa işlerini sazlamak we arhitektura näsazlyklaryny aradan aýyrmak boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekde başarnyklaryny görkezdiler. Bu ugurda dünýä derejesinde 3-nji orny eýelän türkmen talyplary eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldular.

Ýeri gelende bellesek, «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşigine dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň 2 müňden gowrak ýokary okuw mekdebinden 1 million 180 müňden gowrak talyp we olaryň halypa mugallymlary gatnaşdylar. Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup, onuň ilkinjisi ýurduň içinde, ikinjisi sebitleýin we üçünjisi dünýä derejesinde geçirilýär. Şençžen şäherinde geçirilen bütindünýä tapgyryna 40-dan gowrak ýurtdan 170 topary emele getiren diňe 500 sany iň güýçli gatnaşyjy saýlanylyp alyndy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌