Oýun sanawy


Türkmen talyby Merkezi Aziýa derejesindäki halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy
03 Aprel. 05:28Mary welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Maksatmyrat Ýardymow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde onlaýn tertipde geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginde I derejeli baýraga mynasyp boldy. II ýyl talyby bolan ýaş hünärmen sebitdäki iň zehinli ýaşlaryň arasynda ýokary netije görkezip, öz okuw mekdebiniň we ýurdumyzyň adyny halkara derejesinde dabaralandyrdy.
Bu abraýly sylag türkmen talybyna Merkezi Aziýa sebitinde ýaşlar syýasatyny ösdürmekdäki işjeňligi we bilim ulgamynda gazanan şahsy üstünlikleri üçin berildi. Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, Maksatmyrat Ýardymowyň halkara derejesindäki bu ýeňşi türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaga bolan höwesiniň we zehininiň aýdyň subutnamasydyr. Bäsleşik sebit ýurtlarynyň arasynda ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Ýeňiji bolan talyba bäsleşigiň guraýjylary tarapyndan I derejeli diplom, ýörite kubok, şahadatnama we halkara derejeli döş nyşany gowşuryldy. Bu sylaglar ýaş talybyň geljekki ylmy we hünär ýolunda uly ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat eder. Bäsleşigiň netijeleri diňe bir şahsy däl, eýsem Türkmenistanyň orta hünär bilimi ulgamynyň gazanýan üstünlikleriniň hem görkezijisidir.
Halkara bäsleşigini Gazagystanyň «Žaňa Қazaқstan» innowasion merkezi we «Bilim örkenieti» atly ylmy-barlag merkezi bilelikde gurady. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda tejribe alyşmaga we innowasion taslamalaryň öňe sürülmegine amatly şertleri döredýär. Türkmenistanda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olary halkara bäsleşiklerine taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasaty özüniň oňyn miwelerini bermegini dowam edýär.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.