Oýun sanawy


Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda geçirilen Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda dabaraly we aýgytly ýeňişleri gazanyp, üçünji ýeri eýelemegi başardy.
Görnükli mugallym we halypa Ismat Şukurowyň hatyrasyna bagyşlanan bu abraýly bäsleşige dünýäniň 10 ýurdundan jemi 56 sany güýçli küştçi gatnaşdy. Ýaryş nusgawy şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrdan ybarat bolup, örän bäsdeşlikli ýagdaýda geçdi. Netijede, turniriň ahyrynda birbada üç gatnaşyjy deň — 7 utuk toplamagy başardy we ýenijiler goşmaça görkezijiler esasynda kesgitlenildi.
Türkmen küştçüsi üçin iň soňky — 9-njy tapgyr hakyky synag we aýgytlaýjy tapgyr boldy. Atabaýew şol wagt ýaryşyň öňbaşçysy bolup duran ysraýylly grossmeýster Ýewgeniý Alekseýewe garşy gara mallar (figuralar) bilen oýnap, taktiki taýdan uly ýeňiş gazandy we baýrakly ilkinji üçlüge girmegi başardy. Saparmyrat bu üstünligi üçin 30 million özbek sumy (takmynan, 2500 ABŞ dollary) möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.
Ýaryşda ýurdumyzyň ýene bir wekili, grossmeýster Ýusup Atabaýew hem gowy oýun görkezip, 6 utuk bilen bäsleşigi 8-nji orunda tamamlady.
Şeýle hem okanyň


Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Bugün 09:10Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.
Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.