Oýun sanawy


Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar
02 Aprel. 07:271 — 3-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburg şäheriniň «Expoforum» kongres-sergi merkezinde Halkara ulag-logistika forumy öz işini dowam edýär. Bu abraýly çärä Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary S. Nurberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. DIM-niň resmi saýtynyň habar bermegine görä, bu sapar ýurdumyzyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek we sebitara logistika zynjyrlaryny berkitmek ugrundaky yzygiderli tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Forumyň dowamynda halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, ýük we ýolagçy daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem, bilermenler ulag pudagynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak barada pikir alyşýarlar. Bu maslahatlar dünýäniň ulag senagatynyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistan ulag we logistika ulgamynda halkara dialogynyň işjeň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag hyzmatdaşlygy barada birnäçe Kararnamalar kabul edildi. 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi bolsa, bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryň täze binýadyny goýdy. Häzirki wagtda Sankt-Peterburgda geçirilýän forum hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara abraýyny has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.