Oýun sanawy

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

21 Mart. 10:45

Çeşme

Hytaý Halk Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda bellemegine görä, 2007-nji ýyldan bäri iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy. Häzirki wagtda bu görkeziji her ýyl ortaça 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, strategik hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigini görkezýär.

Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir energetika pudagy bilen çäklenmän, eýsem aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, dokma senagaty we agrosenagat ýaly möhüm ulgamlary hem öz içine alýar. Ulag we infrastruktura taslamalary bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň demir ýollarynda hereket edýän wagonlaryň we lokomotiwleriň 90 göterimine golaýynyň Hytaýda öndürilendigini anyk mysal hökmünde getirdi.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklar täze logistik geçelgeleriň döredilmegi bilen has-da berkidilýär. 2014-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistany goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üsti bilen birleşdirýän, uzynlygy 750 kilometrden gowrak bolan demir ýol ulgamynyň ulanmaga berilmegi sebitara söwdanyň ösmegine uly itergi berdi. Soňky ýyllarda türkmen bazarynda hytaý awtomobilleriniň, aýratyn-da döwrebap awtobuslaryň sanynyň ep-esli artmagy hem özara bähbitli söwdanyň aýdyň netijesidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy geljekde Hazar deňziniň üsti bilen söwda kommunikasiýalaryny giňeltmek we Pars aýlagyna hem-de Hind ummanyna çykmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Türkmenistan bilen Hytaýyň logistik kuwwatyny birleşdirmek, Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Bu bolsa diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem bütin Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌