Oýun sanawy


ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabatda kitap sergisini geçirdi
24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň ýardam bermeginde kitap sergisi geçirildi.
Sergide amerikan klassik edebiýatynyň türkmen dilindäki terjimeleri, şeýle-hem ABŞ-nyň okuw we maglumat serişdeleri görkezildi.
Çykyşlarda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud hem-de Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesiniň ýerine ýetirijisi Laçyn Nurmuhammedowa okamagyň we halkara medeni alyş-çalyşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Çäre, Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirildi.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak geňeşliginde täze karbamid zawodynyň binýadynyň goýluş dabarasynyň geçirilendigini «Bitarap Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.
Kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna mineral dökünleri öndürmekdir. Zawod «Türkmenhimiýa» döwlet konserniň sargytnamasy boýunça ýapon kompaniýasy Mitsubishi tarapyndan türk Gap İnşaat kompaniýasy bilen bilelikde gurulýar.
Çykyş edenler karbamid eksporta gönükdirilen önüm bolup, import dökünleriniň ornuny tutup biljekdigini belläp geçdiler.
Gurluşyk meýdançasynyň günbatar sebitinde saýlanylmagy çig mal bazasyna ýakynlygy bilen baglanyşykly: Hazar deňziniň türkmen böleginde tebigy gaz gazylýar, bu zawod üçin zerurdyr.
Täze zawodyň işe girizilmegi sosial ähmiýete eýedir: goşmaça iş orunlary dörediler, ýerli ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrar.