Oýun sanawy


BMG-niň Awaza forumynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi.
TDH-niň habar berşi ýaly, dabara Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Baýdak galdyrmak dabarasy bu möhüm çäräniň başlanýandygyny aňlatmak bilen, adatça, çäräni kabul edýän ýurduň we BMG-niň baýdaklarynyň galdyrylmagyny öz içine alýar.
Şu gezekki dabara Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Belgradda Türkmenistanyň we Serbiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we «EXPO-2027»-e gatnaşmak barada gepleşikler geçirildi
Belgradda Türkmenistanyň we Serbiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaryň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetini Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyny bolsa Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikler dowamynda iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça guralan konstruktiv we mazmunly pikir alyşmalar geçirildi. Diplomatlar syýasy maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň täsirli koordinaýyş mehanizm hökmünde uly ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem, gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn kanuny esaslary kämilleşdirmegiň zerurdygy tassyklanyldy.
Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlary hökmünde söwda, dokma senagaty, türkmen polimerleriniň, gübreleriň we oba hojalygy önümleriniň eksporty kesgitlendi. Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ýaly gumanitar ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Gepleşiklerde, Türkmenistanyň we Serbiýanyň BMG ýaly halkara guramalarda ýakyn hyzmatdaşlyk edýändigi we möhüm halkara başlangyçlary boýunça bilelikde işler alyp barýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň arasynda ýokary derejede ynam we global meseleler boýunça pozisiýalaryň gabat gelýändigi nygtaldy.
Serbiýadaky saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgradda «EXPO-2027» halkara sergisi boýunça direktory Danilo Ýeriňiç bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikler dowamynda, 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgustyna çenli geçiriljek bu iri halkara sergi boýunça Türkmenistanyň gatnaşygyna degişli guramaçylyk meseleleri jikme-jik maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň şeýle uly möçberli halkara çärede gatnaşmagy, ýurdyň ylym, tehnologiýa we durnukly ösüş pudaklaryndaky gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik berer.