Oýun sanawy

Tailandyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

02 Awgust. 13:56

31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Tailand Patyşalygynyň ýurdumyzdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan ilçisi Apirat Sugondhabhir bilen duşuşdy. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýardy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine baha berdiler.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Türkmen tarapy, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk görmekde Tailandyň goşandyny nygtady.
Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Tailand tarapyndan iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg beýan edildi.
Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin ilçi Apirat Sugondhabhire minnetdarlygyny bildirdi.

















Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara okuw çäresi açyldy

08 Sen. 18:39

Çeşme

Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» diýlip atlandyrylan 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň hem-de Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 18-nji sentýabra çenli dowam eder. Аçylyş dabarasynda BMG-niň we beýleki öňdebaryjy halkara guramalaryň wekilleri çykyş edip, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmeginiň sebäplerine we deňiz hukugyna aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.

2013-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bilim maksatnamasynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlardan hem-de Hytaýdan 175 sany hünärmen öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň деми bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.