Oýun sanawy


Karls Tewes hoşlaşyk duşuşygynda Messi bilen Ronalduny bir toparda jemlemegi meýilleşdirýär
07 Sen. 03:10Argentinaly belli futbolçy Karlos Tewes 2026-njy ýylyň dekabrynda Buenos-Aýresdäki «La Bombonera» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilýän hoşlaşyk duşuşygyna 60 töweregi meşhur futbolçyny çagyrmagy maksat edinýär. «The Goal» neşiriniň habar berşi ýaly, Tewes «Mançester Ýunaýtedde» bile oýnan Kriştianu Ronaldusyny we Argentina ýygyndysyndaky öňki dizaşdaşy Lionel Messini bir toparyň düzüminde meýdança çykarmaga synanyşar. Eger bu meýilnama amala aşsa, futbol taryhynda ilkinji gezek bu iki ýyldyz bir hatarda çykyş eder.
Tewes bäş ýyl ozal «Boka Huniors» klubynda karýerasyny tamamlan hem bolsa, rasmi hoşlaşyk duşuşygyny geçirip bilmändi. Duşuşyk dekabr aýynyň ortalaryna meýilleşdirilip, ol özüniň dürli ýyllarda «Mançester Siti», «Ýuwentus» we «West Hem» ýaly öňdebaryjy klublarda bile çykyş eden dostlaryny hem çagyrmagy göz öňünde tutýar. Ýatladyp geçsek, Messi awgust aýynyň аhyrynda millî ýygyndydaky karýerasyny resmi taýdan tamamlady.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.