Oýun sanawy

Tesla elýeterli elektrik ulaglary bazaryna täze krossower bilen girýär

12 Aprel. 16:48

Çeşme

Amerikanyň «Tesla» kompaniýasy özüniň önümçilik liniýasynda iň elýeterli model bolar ýaly täze elektrikli krossoweriň taslamasynyň üstünde işläp başlady. Bu täze ulag häzirki wagtda dünýäde iň köp satylýan modelleriň biri bolan «Model Y»-den ölçegleri boýunça kiçi we bahasy boýunça has arzan bolar. Degişli maglumatlara görä, kompaniýa bu ädim arkaly köpçülikleýin ulanyjylar üçin niýetlenen tygşytly elektromobiller bazaryndaky ornunu pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Täze modeliň tehniki aýratynlyklary barada käbir deslapky maglumatlar eýýäm mälim boldy. Ulagyň uzynlygy takmynan 4,28 metr töweregi bolup, umumy agramy 1,5 tonnadan geçmez ýaly meýilleşdirilýär. Taslamanyň esasy aýratynlygy ulagyň bahasyny peseltmekden ybaratdyr, şol sebäpli hem krossoweriň diňe bir elektrik hereketlendirijisi we kuwwaty birneme peseldilen batareýa bilen üpjün edilmegine garaşylýar.

Maliýe taýdan seredilende, täze krossoweriň bahasynyň 30 müň ABŞ dollaryndan hem pes boljakdygy çaklanylýar. Bu nyrh syýasaty «Tesla»-nyň ulaglaryny has giň kitleler üçin elýeterli eder we Hytaýyň arzan bahaly elektrik ulaglaryny öndürijileri bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer. Önümçilik kuwwatlyklarynyň esasy böleginiň hem Hytaýyň çäginde ýerleşýän zawodlarda ýola goýulmagy meýilleşdirilýär, bu bolsa öz gezeginde logistika çykdajylaryny azaltmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda taslama diňe başlangyç taýýarlyk tapgyrynda durýar we inženerçilik barlaglary dowam edýär. Kompaniýa tarapyndan bu modeliň köpçülikleýin önümçilige goýberiljek takyk senesi barada resmi maglumat heniz berilmedi. Emma bilermenler bu täze modeliniň geljekde dünýäniň şäherli ýaşaýjylarynyň arasynda iň isleg bildirilýän elektrikli ulagyna öwrüljekdigini çaklaýarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌