Oýun sanawy


2025-nji ýylyň oktýabryndan ýaşyl karta lotereýasyna gatnaşmak üçin $1 töleg alnar
18 Sen. 06:392025-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalaryndan ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýaşyl karta lotereýasyna gatnaşmak üçin $1 möçberinde registrasiýa tölegini girizýär. Bu barada timelottery.ru habar berýär.
Mundan ozal lotereýa üçin arzany ugratmak mugt bolupdy. Täze düzgün administratiw çykdajylary — maglumat ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maglumatlaryň saklanylmagy we howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi üçin niýetlenýär.
ABŞ-nyň hasaplamalaryna görä, bu kiçi möçberli töleg ýylyň dowamynda federal býujeti takmynan $25 million bilen üpjün eder. Töleg yzyna gaýtarylmaýar, hatda dalaşgär ýeňiş gazanmasa-da.
Ilki bilen diňe ýeňiji bolanda $330 töleg edilýärdi. Indi bolsa, her bir arzany ugratmak isleýän adam $1 tölemeli bolar.
Boundless immigrasiýa guramasy, sanly töleg mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin bu düzgüniň kynçylyk döredip biljekdigini duýdurýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň