Oýun sanawy

Aşgabatda “Turkmentel–2025” forumynda dünýäniň iri IT kompaniýalary ýygnanar

24 Okt. 08:31

Çeşme

12–14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda «Turkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem «Halkara transport-tranzit geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara konferensiýa we sergi geçiriler.

Bu giň gerimli çäreler döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini birleşdirer. Foruma Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Fransiýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Kiprden, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gatnaşyjylar gatnaşarlar.

Çäräniň myhmanlarynyň arasynda Halkara aragatnaşyk bileleşigi (ITU) we Garaşsyz Döwletleriň aragatnaşyk boýunça Sebitleýin hyzmatdaşlygy (RCC) ýaly abraýly halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bar. Olaryň arasynda IBM, D8 Corporation, Juniper Networks, Nokia, Huawei, Thales, Eastwind, Mitel Networks (Bulgaria) Ltd, Promark Dijital Teknolojiler Ltd, Mitsubishi Corporation, Nextremum, Alstom, JandeNul NV Belgium, SDC Kazakhstan LLP ýaly kompaniýalar bar.

Bu ýyl forumda aýratyn üns transport pudagyna — halkara logistika geçelgeleriniň ösdürilmegine, ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna, ýük dolanyşygynyň dolandyrylyşynda innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna we sebitleýin hyzmatdaşlygyň berkidilmegine berler. Forum tranzitiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ulag infrastrukturasy döretmäge gönükdirilen täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijilere diploma we gymmatly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

«Turkmentel–2025» halkara sergisi we ylmy maslahaty ýokary tehnologiýalar, sanly özgertme we durnukly ösüş ugurlary boýunça tejribe we pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌