Oýun sanawy


Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gymmatly dokma çig maly bolan ýüpek gurçugyny idetmek işleri ýokary depginde başlandy. Möwsüme ilkinji bolup Köýtendag, Döwletli, Kerki we Halaç etraplarynyň ýüpekçileri girişdiler. Häzirki wagtda bu etraplaryň hojalyklarynda ýüpek gurçuklarynyň tohumlary irki möhletlerde janlandyrylyp, şertnama esasynda idetmek üçin kärendä alan zähmetkeşlere paýlanyp berildi.
Hasabat döwründe her bir etrap boýunça pile tabşyrmagyň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Köýtendagly pileçiler 38 tonna, Döwletli etrabynyň zähmetkeşleri bolsa 46 tonna pile öndürmegi borçlandylar. Has uly görkezijilere garaşylýan Kerki we Halaç etraplarynda degişlilikde 85 we 97 tonna gymmatly çig malyň tabşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu görkezijiler sebitiň ýüpekçilik pudagyndaky kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär.
Ýüpek gurçuklarynyň sagdyn ösmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli ýerlerde ýöriteleşdirilen inkubatorlar we gurçukhanalar degişli biologik talaplara laýyklykda taýýarlanyldy. Tohumlaryň öz wagtynda we talaba laýyk janlandyrylmagy geljekki hasylyň hiline gönüden-göni täsir edýär. Welaýatyň beýleki ähli etraplarynda hem meýilleşdirilen işler yzygiderli alnyp barlyp, ýakyn günlerde olaryň hem pile öndürmek möwsümine doly goşulmagyna garaşylýar.
Umuman алanyňda, şu ýyl gündogar sebitiň ýüpekçileri jemi 10 müň 10 tonna pile öndürmegi maksat edinýärler. Möwsümiň başlanmagy bilen ýerlerde tejribeli hünärmenleriň maslahatlary we tehniki goldaw ulgamy işjeňleşdirildi. Ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň çig mal binýadyny berkitmekde hem-de oba ilatynyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.