Oýun sanawy


Samsung täze mahabatynda «Tim Kukuň» Galaxy Z Fold8 ulanýandygyny görkezdi
12 Sen. 10:00Samsung kompaniýasy Galaxy Z Fold8 smartfonynyň täze mahabatynda Apple-iň öňki baş direktory Tim Kuk bilen atdaş bolan Täze Zelandiýaly gozgalmaýan emläk agenti Tim Kuku surata düşürdi. «Welcome to Foldables» atly bu kampaniýa Apple-iň eplenýän smartfonlar bazaryna girmegine gönükdirilen degişme hökmünde taýýarlanyldy.
Apple 9-njy sentýabrda özüniň 7,6 dýuýmlyk içki ekranly ilkinji eplenýän iPhone Duo modelini tanyşdyrdy. Samsung bolsa bu ugurda 2019-njy ýyldan bäri toplan tejribesini nygtap, täze Galaxy Z Fold8-iň bäsdeşinden ep-esli ýeňildigini öňe sürýär. Täze Fold8 201 gram bolup, iPhone Duo-dan 53 gram ýeňildir.
Ýatladyp geçsek, hakyky Tim Kuk 1-nji sentýabrda Apple-iň baş direktory wezipesinden resmi taýdan çekildi we onuň ornuna Jon Ternus geçdi. Samsung bolsa «Tim Kukuň özem indi Fold-a geçdi» diýen ýiti ýaňsylamany öz bähbidine ulanmagy başardy.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.