Oýun sanawy


Russiýanyň ilçihanasy Aşgabatdaky mekdebe 20 sany täsin guş öýjagazyny sowgat berdi
26 Maý. 12:35Aşgabat şäherinde guralan «Soňky jaň» dabaralarynyň çäklerinde özboluşly ekologik çäre geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Aleksandr Wasilýew paýtagtymyzyň 55-nji orta mekdebine howanyň gyzgyn şertlerine çydamly bolan 20 sany ýörite guş öýjagazyny gowşurdy. Bu ekologik taslamanyň awtory we oýlap tapyjysy hökmünde şol mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapargeldiýew çykyş etdi.
Ýaş zehiniň bu döredijilikli başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we howa hereketleri üçin howa bilimi» («Howa gutujygy») atly sebit maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu halkara ekologiýa taslamasy Russiýa Federasiýasynyň hemişelik goldawy we hemaýatkärligi esasynda dünýäde ekologik bilimi ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýär.
Öwezmyrat Sapargeldiýew şäher gurşawynda ekologik durnuklylygy synlap, serçeleriň sanynyň azalýandygyna üns berdi. Ol yssy howa şertlerine laýyk gelýän hem-de guşlaryň howpsuz höwürtgelemegine we nesil galdyrmagyna mümkinçilik döredýän guş öýjagazynyň täze gurluşyny we dizaýnyny taýýarlady. Taslama laýyklykda ýasalan bu öýjagazlar guşlary aşa gyzgynlykdan goramaga ukyplydyr.
Çäräniň dowamynda Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň gutlag sözi dabaraly okaldy. Ilçiniň hatynda Russiýa Federasiýasynyň ekologiki bilim, howa üýtgemeleri we durnukly ösüş ugurlaryndaky geljegi uly ýaşlar başlangyçlaryny goldamaga aýratyn ähmiýet berýändigi belenildi. Şeýle-de, Russiýanyň Türkmenistan we onuň öňdebaryjy bilim edaralary bilen ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.