Oýun sanawy


«Kitçi» toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy Ruslan Mingazow Demirgazyk Amerikada guralýan dünýä çempionatynda haýsy ýurtlaryň tarapyny tutjakdygyny we ýaryşdan nämelere garaşýandygyny mälim etdi. Futbolçynyň pikiriçe, bu gezekki halkara ýaryşy diýseň gyzykly bäsleşikleri wada berýär.
Ýarym goragçynyň aýtmagyna görä, ol ilkinji nobatda Goňşy sebitden bolan Özbegistanyň hem-de karýerasynda möhüm orun tutan Çehiýanyň ýygyndylaryna goldaw berer. Şeýle-de sportçy Marokko, Müsür, Norwegiýa we Ýaponiýa ýaly toparlaryň garaşylmadyk üstünlikleri gazanmaga ukyplydygyny aýratyn nygtady.
Çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşler barada durup geçmek bilen, Mingazow Braziliýanyň, Portugaliýanyň we Fransiýanyň mümkinçiliklerini has ýokary bahalandyrdy. Mundan başga-da, ol dünýäniň iň meşhur hüjümçileri bolan Neýmaryň, Ronaldunyň we Messiniň çykyşlarynyň ýaryşa aýratyn şöhrat goşjakdygyna ynanýandygyny bildirdi.
Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylyň dünýä birinjiligi ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň meýdançalarynda 48 toparyň gatnaşmagynda guralýar. Ýaryşyň çäklerinde Özbegistan K toparçasynda Portugaliýa, Kolumbiýa we Kongo DR bilen, Çehiýa bolsa A toparçasynda Meksika, GAR we Günorta Koreýa bilen güýç synanyşar.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.