Oýun sanawy

Belli futbol tälimçisi Waleriý Nepomnýaşiý 83 ýaşyny belleýär

07 Awgust. 14:52

Çeşme

2026-njy ýylyň 7-nji awgustynda zähmet ýoly Türkmenistan bilen berk baglanyşykly bolan sowet we rus futbol tälimçisi Waleriý Nepomnýaşiý 83 ýaşyny doldurdy. 1943-nji ýylda Russiýanyň Slawgorod şäherinde dünýä inen hünärmen sport ýoluna Aşgabatda başlady. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýygyndysynda çykyş edip, 1969-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlady. Аlan agyr şikesi sebäpli ol 25 ýaşynda futbolçylyk karýerasyny tamamlamaly boldy we özüni dolulygyna tälimçilik kärine bagyşlady.

Nepomnýaşiýniň tälimçilik ussatlygy Aşgabatda kemala geldi. Ol 1970–1978 we 1983–1988-nji ýyllarda Türkmenistanyň Sport baradaky komitetiniň futbol mekdebinde uly tälimçi, 1979-njy we 1982–1983-nji ýyllarda bolsa «Kolhozçy» toparynyň baş tälimçisi bolup işledi. Şol ýyllarda toplanan amaly tejribe hünärmene halkara derejä çykmaga zemin döretdi. 1988-nji ýylda Moskwada hünärini kämilleşdirenden soň, ol Kamerunyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi.

Tälimçiniň karýerasyndaky iň uly üstünlik 1990-njy ýylda Italiýada geçirilen Dünýä çempionatynda gazanyldy. Onuň ýolbaşçylygyndaky Kamerun topary turniriň açylyş duşuşygynda Fransua Omam-Biýikiň golunyň saýasynda Diego Maradonaly Dünýä çempiony Argentinany 1:0 hasabynda ýeňdi. Netijede, Kamerun Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çenli baryp ýeten ilkinji Afrika ýygyndysy hökmünde futbol taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Kamerundaky uly üstünlikden soň Waleriý Nepomnýaşiý Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Russiýanyň «Tom», «Baltika» we SSKA ýaly klublarynda tälimçi we geňeşçi wezipelerinde zähmet çekdi. Şeýle-de bolsa, belli hünärmen öz söhbetdeşliklerinde iň ýyly ýatlamalarynyň hut uly futbola badalga alnan ýeri bolan Türkmenistan bilen baglanyşyklydygyny yzygiderli nygtap gelýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Harri Keýn 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy

Bugün 03:06

Çeşme

Mýunheniň «Bawariýa» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/26 möwsüminiň jemi boýunça dünýä futbolynyň iň abraýly şahsy baýragy bolan «Altyn topa» mynasyp boldy. Dabaraly çäre 26-njy oktýabrda Londondaky «London Palladium» teatrynda geçirildi we bu baýrak 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Fransiýanyň daşynda gowşuryldy. Keýn ses berişlikde Kilian Mbappeden we Lamin Ýamaldan öňe geçmegi başardy, şeýle hem ol möwsümiň iň gowy bombardiri hökmünde Gerd Mýuller adyndaky baýraga eýe boldy.

Geçen möwsüm 33 ýaşly iňlis hüjümçisi üçin karýerasyndaky iň netijeli döwür boldy. Ol «Bawariýanyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 61 gol geçirip, toparyna Germaniýanyň çempionlygyny we ýurduň Kubogyny utmaga uly goşant goşdy. Mundan başga-da, Keýn Dünýä çempionatynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 6 gol urup, toparynyň ýarym finala çenli ýetmegine kömek etdi. Bu ýeňiş iňlis futboly üçin hem taryhy waka öwrüldi, sebäbi iň soňky gezek bu baýragy 2001-nji ýylda Maýkl Ouen alypdy.

Ses berişligiň netijeleri boýunça ikinji orny Madridiň «Realyndan» Kilian Mbappe (42 gol), üçünji orny bolsa «Barselonadan» Lamin Ýamal (24 gol, 18 assist) eýeledi. Ilkinji onluga şeýle hem Rodri, Lionel Messi, Hwiça Kwarasheliýa, Usman Dembele, Erling Holand, Maýkl Olise we Fabian Ruis girdiler. Zenanlaryň arasynda bolsa «Altyn top» baýragyna karýerasynda üçünji gezek ispan ýarymgoragçysy Aleksiýa Putelýas mynasyp görüldi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌