Oýun sanawy

Ýewropanyň ahalteke atçylyk assosiasiasy Türkmenistanyň Milli Liderine Niderlandlarda geçirilen dünýä çempionati üçin sagbolsun aytdy

14 Sen. 07:40

Çeşme

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiyasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, Niderlandlaryň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmäge beren goldawy we bu çärelere hut özüniň gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aytdy. Assosiasianyň ýolbaşçysy Ýewropanyň merkezinde ilkinji gezek şeýle giň gerimli atçylyk çäresiniň geçirilmelidigini we onuň halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döredendigini nygtady.

Hatda bellenilişi ýaly, çempionat diňe bir atly sport bäsleşigi bolman, eýsem ahalteke bedewleriniň gözelligini, taryhyny we mirasyny giň dünýä tanyşdyrýan halkara meýdança öwrüldi. Şeýle hem çäreleriň çäklerinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat hem-de baý medeni maksatnama myhmanlara Türkmenistanyň köpýyllyk däp-dessurlary, sazy, sungaty we myhmansöýerligi bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Marian Weltewreden türkmen halkynyň Milli Lideriniň ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek baradaky başlangyjyny doly goldaýandyklaryny tassyklady. Ol bu taryhy wakanyň Ýewropada hem-de bütin dünýäde ahalteke atşynaslygyny ösdürmekde täze tapgyryň başlangyjy boljakdygyna uly ynam bildirdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌