Oýun sanawy

Türkmenistanda elguşlaryň dolanyşygyny düzgünleşdirýän täze tertip

02 Aprel. 08:31

Çeşme

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi elguşlary ýurda getirmegiň we daşary ýurtlara çykarmagyň tertibini tassyklady. Täze kadalaşdyryjy resminama aw awlamak we tebigy baýlyklary goramak baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu tertip guşlaryň serhetden geçirilmegi bilen bir hatarda, olaryň ýurduň içinde eýesini çalşyrmak meselelerini hem öz içine alýar.

Bürgütleri, laçynlary we gyrgylary döwlet serhedinden geçirmek üçin ýörite ygtyýarly edaranyň rugsady talap edilýär. Berilýän rugsadyň möhleti iki aý (60 gün) bilen çäklendirilýär. Şununda, halkara ähmiýetli СITES Konwensiýasynyň sanawyna giren seýrek guşlaryň dolanyşygy halkara kadalaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Resminamada elguşlaryň serhetden geçirilip bilinjek anyk ýagdaýlary görkezilen. Bulara ylmy-barlag işleri, halkara derejesindäki sergiler we elguşlar bilen geçirilýän sport ýaryşlary degişlidir. Resminama almak üçin ýüz tutýan taraplar elguşuň saglyk ýagdaýy we saparyň maksady baradaky resminamalary degişli edara tabşyrmaly bolup, arzalar 30 günüň dowamynda seljerilýär.

Elguşlaryň eýeleri öz guşlaryny hökmany tertipde Daşky gurşawy goramak ministrliginde we Milli elguşçylar jemgyýetinde hasaba aldyrmalydyrlar. Bu hasaba alyş bäş iş gününiň dowamynda ýerine ýetirilýär. Täze düzgünleriň berjaý edilişine döwlet tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilip, düzgün bozmalara görä degişli jogapkärçilik çäreleri göz öňünde tutulandyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌