Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidenti we beýleki döwlet Baştutanlary «RES 2026 EXPO» halkara sergisiniň mümkinçiliklerine baha berdiler

22 Aprel. 10:12

Çeşme

Astanada geçirilýän Sebit ekologiýa sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «RES 2026 EXPO» atly «ýaşyl» we durnukly tehnologiýalaryň halkara sergisine baryp gördi. Bu çäre sebit ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda guralyp, daşky gurşawy goramak we ekologik taýdan arassa energetikany ösdürmek boýunça iň täze çözgütleriň görkezilýän meýdançasyna öwrüldi.

Serginiň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň milli pawilýonlaryna aýratyn orun berildi. Ýokary derejeli myhmanlara sebit ýurtlarynyň tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmak we energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňe sürýän ileri tutulýan ugurlary tanyşdyryldy. Bu başlangyçlar sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde we ekoulgamlaryň bitewüligini saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ekspozisiýalarda Araly halas etmek we suw serişdelerini gorap saklamak ýaly möhüm meseleleri çözmegiň täze usullaryna esasy üns berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanlaryna hususy pudagyň ýeten sepgitleri hem görkezildi. Kompaniýalar galyndylary gaýtadan işlemek we senagat önümçiliginde ekologiýa kadalaryny berjaý etmek boýunça özleriniň iň döwrebap innowasion taslamalaryny hödürlediler.

«RES 2026 EXPO» sergisi dünýäniň 30 döwletinden 240-dan gowrak gatnaşyjyny we halkara hyzmatdaşlary bir ýere jemledi. 120-den gowrak pawilýonda durnukly ösüşe gönükdirilen tehnologiýalar şöhlelenýär. Bu halkara forum diňe bir täze tehnologiýalary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa meselelerini bilelikde çözmek üçin tejribe alyşmak meýdançasy hökmünde hem hyzmat edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌