Oýun sanawy

Seýrek duş gelýän «The Ocean Dream» göwheri Ženewada satuwa çykarylýar

07 Maý. 05:55

Çeşme

Ženewada geçiriljek «Christie’s» auksionynyň maý aýyndaky söwdalarynda dünýäniň iň täsin gymmat bahaly daşlarynyň biri bolan «The Ocean Dream» (Umman arzuwy) göwheri hödürlener. Bu gymmat bahaly daş özüniň üýtgeşik gök-ýaşyl öwüşgini bilen tapawutlanyp, dünýäniň iň seýrek reňkli göwherleriniň biri hasaplanýar. Almazlaryň arasynda şeýle reňk tebigatda örän seýrek duş gelýär, bu bolsa ony kolleksionerler üçin aýratyn gymmatly edýär.

Agramy 5,50 karata deň bolan bu göwher Amerika gemologiýa instituty (GIA) tarapyndan bu reňk derejesindäki iň uly daş hökmünde ykrar edildi. Üçburçluk görnüşinde ýonulan «The Ocean Dream» 1990-njy ýyllarda Merkezi Afrika Respublikasyndan tapylan 11,70 karatlyk tebigy almaz kristalyndan işlenip alyndy. Ol özüniň fiziki aýratynlyklary boýunça almazlaryň örän seýrek duş gelýän «Ia» görnüşine degişlidir.

Bu göwheriň taryhy ähmiýeti hem örän ýokarydyr. Ol 2003-nji ýylda Waşingtonyň Smitson institutynda geçirilen meşhur «Splendor of Diamonds» sergisinde dünýäniň iň seýrek sekiz göwheriniň biri hökmünde görkezildi. Şol wagtda bu daş halkara bilermenleriniň we gymmat bahaly daşlara gyzyklanma bildirýänleriň ünsüni özüne çekip, dünýä derejesindäki abraýyna eýe boldy.

«The Ocean Dream» göwheri 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Ženewanyň meşhur «Four Seasons Hotel des Bergues» myhmanhanasynda geçiriljek auksionda täze eýesini tapar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu täsin göwheriň bahasy 8,9 milliondan 12,7 million dollara çenli ýetip biler. Şeýle seýrek reňkli we uly göwheriň satuwa çykarylmagy dünýäniň gymmat bahaly şaý-sepler bazarynda ýylyň iň esasy wakalarynyň biri bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌